Birinji Hazar Ykdysady Forum

Awaza, Türkmenistan 2019

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:

“2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň Hazarýaka ýurtlarynyň ählisiniň bu ugurda tagallalaryny birleşdirmäge taýýardygynyň tassyknamasy boljaklygyna ynanýaryn. Bu forumy Türkmenistanda geçirmegi teklip edýärin”.

Birinji Hazar ykdysady forum hakyndaky
umumy maglumat

Birinji Hazar forumynyň 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ägirt uly desgalary bolan bu özboluşly mekanyň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň badalgasy bilen 2007-nji ýylda başlanandyr.

Dowamyny oka
Ykdysady forumyň geçiriljek ýeri

Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bu gün dünýä döwletleriniň we halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda dünýäniň iň ösen syýahatçylyk merkezlerine mahsus bolan, şeýle hem ösen dynç alyş we sagaldyş merkezlerini özünde jemleýär.

Dowamyny oka