Birinji Hazar ykdysady Forumyny geçirmegiň konsepsiýasy

1. Birinji Hazar ykdysady Forumynyň (mundan beýläk - Forum) geçirilýän ýeri – Türkmenbaşy şäheri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy.

2. Forumyň geçirilýän wagty – 2019-njy ýylyň 12-nji awgusty.

3. Forumyň işiniň guramaçylyk we maglumat-tehniki üpjünçiligini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, Türkmenistanyň Daşary Işler ministriniň baştutanlyk edýän Guramaçylyk komiteti amala aşyrýar.

4. Forumyň öň ýanyndaky gün – 2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň we Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň ýerine ýetirilişine jogap berýän Taraplaryň ygtyýarly edaralarynyň ministrleriniň duşuşygy guralýar. Gün tertibine agzalan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrmagynyň meseleleri girizilýär.

5. Taraplaryň Ygtyýarly edaralarynyň ministrleriniň duşuşygy bilen gabatlanyp, 2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda hazarýaka döwletleriniň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirilýär, hazarýaka döwletleriniň işewürler geňeşini (mundan beýläk - Işewür geňeşi) döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama taýýarlanýar. Işewürler geňeşiniň hyzmatdaşlygynyň ugurlary şu Konsepsiýanyň 11-nji bölüminde görkezilýär.

6. Foruma hazarýaka döwletleriniň wekiliýetleri çagyrylýar, olaryň arasynda:

  • Hökümetleriň agzalary;
  • hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň ykdysady toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary;
  • hazarýaka döwletleriniň Hazar sebitindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary;
  • kenarýaka döwletleriniň sebitleriniň baştutanlary we sebit doladyryş edaralarynyň ykdysady toplumlarynyň ýolbaşçylary;
  • kompaniýalaryň, banklaryň, senagatçylaryň we telekeçileriň assosiasiýalarynyň we birleşmeleriniň ýolbaşçylary, işewürler toparlarynyň wekilleri;
  • ylmy işgärler;
  • köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri.

7. Şeýle-de, Foruma gyzyklanma bildirýän, Hazar sebitine ýakyn döwletleriň wekiliýetleri we halkara ykdysady, maliýe, ulag, ekologik we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyrylýar.

8. Forumyň çäklerinde hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň meselelerine serediler.

9. Gün tertibinde – iri taslamalar üçin şertleriň döredilmegi, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň global gatnaşyklardaky orny hakynda gepleşikler, nebitgaz, elektroenergetika, ulag, söwda, agrosenagat, syýahatçylyk we hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň özara gyzyklanma döredýan beýleki pudaklarynda maýa goýumlaryň goýulmagy babatda özüne çekijiligi.

10. Forum üç bölümden ybarat – Halkara maslahat, Hazar innowasion tehnologiýalaryň sergisi we şertnama-hukuk bölegi (şertnamalara, ylalaşyklara we kontraktlara gol çekilmegi).

11. Forumyň birinji bölegi boýunça – 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda şu meseleler boýunça Halkara maslahat geçirilýär:

  • bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi;
  • aýratyn, ýörite, erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň meseleleri boýunça tejribe alyşmak;
  • kanunçylyk, standartlar, kadalar we ykdysadyýet boýunça statistika maglumatlary babatda tejribe alyşmak;
  • sanly ykdysadyýet babatda hyzmatdaşlyk;
  • kenarýaka döwletleriniň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek;
  • bilelikdäki kärhanalary döretmek.

12. Forumyň geçirilmegi bilen gabatlanyp, biznes-forumlar we tegelek stollar geçirilýär.

13. Forumyň ikinji böleginde – 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi guralýar.

14. Forumyň üçünji böleginde – 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Taraplaryň wekilleriniň, işewürler toparlarynyň we kompaniýalaryň wekilleriniň duşuşyklary geçirilýär, resminamalara gol çekilýär.

15. Birinji Hazar ykdysady Forumynyň dowamynda medeni maksatnama guralýar.

Yza