Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ulgamy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan häzirki döwürde dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Eziz Watanymyzyň durnukly ösmegini üpjün etmek şol syýasatyň esasy maksadydyr.

2018-nji ýylyň mart aýynda Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanmagyny geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bäsdeşlige ukyply harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň çykarylyşyny giňeltmek, hususy ulgama goldaw bermek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Giňden karzlaşdyrmak we maksadalaýyk bolmadyk çykdajylary azaltmak syýasaty bilen birlikde, uglewodorod serişdeleri bilen bagly bolmadyk pudaklary senagatlaşdyrmak we ösdürmek maksatnamalary durmuşa geçirildi.

Ýurdumyzda ýerli serişdeleriň esasynda ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilişiniň artdyrylmagynyň hasabyna döwletimize getirilýän çig malyň, serişdeleriň, azyk we azyk däl harytlaryň möçberleri azaldyldy.

Häzirki Türkmenistan üçin makroykdysady görkezijileriň durnukly bolmagy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Munuň özi dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň, hususan-da, Halkara pul gaznasynyň bilermenleri tarapyndan ençeme gezek bellenildi.

Esasy maksatlary düzümleýin özgertmeleri çuňlaşdyrmakdan we çaltlaşdyrmakdan, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilen bazar ykdysadyýetiniň esasynda has uzak möhletli geljekde hemmetaraplaýyn ösüşi höweslendirmekden ybarat bolan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» aýratyn ähmiýete eýedir.

Milli manadyň durnuklylygyny üpjün etmek, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek we bank kepillikleriniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin hukuk gurallaryny ulanmak döwlet Baştutanymyzyň pul syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, manadyň hümmeti durnukly bolmagynda, onuň hümmetsizlenmegi bolsa bellenen derejede saklanyp galýar.

Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň özgerdiş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär. Maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de esasy önümçilik gaznalaryny tehnologik taýdan täzelemäge, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga iri maýa goýumlaryny çekmek bu babatda esasy maksat bolup durýar. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Aziýanyň ösüş bankynyň hem-de Yslam ösüş bankynyň Türkmenistanda maýa goýum maksatnamalaryny maliýeleşdirmäge gatnaşmagyny mysal hökmünde görkezmek bolar.

Ýurdumyzyň ägirt uly energiýa serişdelerini hem-de strategik ýerleşişini nazara almak bilen, ýokarda agzalan banklaryň amallary ulag we energetika ulgamlaryny kämilleşdirmäge, telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermäge, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan sebit gatnaşyklaryny we söwdany ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalary ilerletmäge gönükdirilendir.

Şolaryň hatarynda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini görkezmek bolar. Bu desganyň gurulmagy Watanymyzyň eksport kuwwatyny ep-esli artdyryp, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň energetika howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam eder hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin kuwwatly esasa öwrüler.

Şunuň bilen birlikde, Aziýanyň ösüş bankynyň teklip eden iş meýilnamasy barada ýatlatmalydyrys. Onda dürli ulgamlarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin 2019 — 2021-nji ýyllarda türkmen ykdysadyýetine ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna golaý möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şu bank tarapyndan TOPH ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi, halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurulmagy, ulag-kommunikasiýa ulgamynda beýleki möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly işler maliýeleşdirilýär.

Maýa goýum babatda özara gatnaşyklaryň ýene-de bir ugry uglewodorod serişdelerini ibermek bilen baglanyşyklydyr. Ägirt uly serişdeler baýlygyna eýe bolan Türkmenistan dünýäniň halklarynyň energiýa üpjünçiligine hem-de energiýa howpsuzlygyna saldamly goşant goşýar. Dünýäniň esasy işewür toparlarynyň ýurdumyza gyzyklanmasynyň artmagy hem hut şu ählumumy wezipe bilen şertlendirilendir.

Maýa goýum ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyny, onuň mundan beýläk-de okgunly ösmegini üpjün edýär.

Abraýly maliýe düzümleriniň milli ykdysadyýetimize ägirt uly serişdeleri bermäge taýýardygy belent abraýa hem-de uly mümkinçiliklere eýe bolan ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde ýurdumyza uly ynamyň bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň, Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Mundan başga-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berildi, täze döwrebap obalaryň we şäherçeleriň hem-de beýleki dürli maksatly köp sanly desgalaryň düýbi tutuldy.

Maliýe hasabatlylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin esasy utgaşdyryjy gural bolup durýar.

Häzirki şertlerde innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli ulanylmagy ýurdumyzyň uzak möhletli geljegi üçin gülläp ösmeginiň esasyny üpjün edýän durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini bellemek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary tarapyndan tassyklanan bu resminama 7 bölümden ybaratdyr. Şolarda Konsepsiýanyň maksatlary we wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ýollary hem-de gurallary, garaşylýan netijeler anyk kesgitlenendir.

Bu Konsepsiýany üç tapgyrda (birinjisini 2019-njy ýylda, ikinjisini 2020 — 2023-nji ýyllarda, üçünjisini 2024 — 2025-nji ýyllarda) durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün eder, işewür we maýa goýum işjeňligine, döwlet dolandyryşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Häzirki zaman şertlerinde jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatynyň ulanylmagy, bilimiň, ylmy-barlaglaryň ýokary derejesi, işçi güýjüniň derejesiniň ýokarlanmagy ykdysady ösüşiň depginine hem-de hiline uly täsir edýär. Zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak hem-de raýatlaryň zähmet çekmäge konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döretmek boýunça görülýän çärelere döwlet strategiýasynda aýratyn orun berilýär.

Ýurdumyzy yzygiderli senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek we maglumat jemgyýetini kemala getirmek, bazar ykdysadyýetini hem-de telekeçiligi ösdürmek babatda işgärler kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2018 — 2020-nji ýyllar üçin ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmegiň ulgamyny kämilleşdirmek Maksatnamasynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen geçen ýylyň 2-nji martynda tassyklanan bu resminama ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, olaryň netijeli zähmet çekmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, iş bilen üpjün etmek ulgamyny täzelemäge gönükdirilendir.

Telekeçiligi ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi we oňyn başlangyçlary öňe sürmegi netijesinde bu ulgam soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe boldy. Şunlukda, kiçi we orta telekeçilige ýeňillikli şertlerde karz bermek maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Häzirki döwürde hususy ulgamyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynyň öňünde goýan wezipeleri çözmäge, gurluşyk ulgamynda hem-de gurluşyk serişdeleri senagatynda giň möçberli taslamalary amala aşyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge işjeň gatnaşýarlar, ýokary tehnologiýaly önümçilige maýa serişdelerini goýýarlar, bazaryň ýagdaýyna çaltlyk bilen seslenýärler, özlerini täze pudaklarda üstünlikli synap görýärler. Munuň özi bolsa çykarylýan önümleriň möçberlerini artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga, nyrhy babatda elýeterli bolmagyny üpjün etmäge hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli özgertmeleriniň netijesinde ägirt uly serişdeler, uglewodorod we üstaşyr kuwwaty ählumumy ulgama işjeň çekilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň halkara we sebit hyzmatdaşlygyna esaslanýan rejeli hem-de netijeli maýa goýum syýasaty bu işleriň ilerlemegine uly täsir edýär. Şunuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen durnukly ösüşi hem-de içerki ösüşiň oňyn ýagdaýy saklanyp galýar.

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty uly möhletli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga kuwwatly itergi berýär.
Esasy daşary ýurt maýadarlarynyň bähbitleri ägirt uly tebigy serişdeleriniň bardygy, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri, onuň yzygiderli senagatlaşdyrylmagy hem-de söwdanyň we hyzmatlaryň okgunly ösýän bazary bilen hem şertlendirilendir.

Biziň döwletimiz döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtlaryň işewürleriniň wekilleri bilen özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýär, salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş ýeňillikleri görnüşinde olara uly goldaw berilmegini üpjün edýär.

Ýurdumyzyň çäginde maýadarlaryň işiniň esaslaryny kadalaşdyrýan degişli hukuknamalaryň kabul edilmegi, şeýle hem döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu babatda möhüm orun eýeleýär. Muňa subutnama hökmünde türkmen ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýynyň hem-de bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny bellemelidiris.

Häzirki döwürde daşary ýurt kompaniýalary agyr senagat, dokma pudagy, oba hojalygy, elektron senagaty, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilmegi, syýahatçylyk, ulag we kommunikasiýa, raýat awiasiýasynyň, demir we deňiz ulaglarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak, milli emeli hemramyzy ulanmak ýaly ugurlarda taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşýarlar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň, ikitaraplaýyn işewür geňeşleriň işi hem-de yzygiderli ýagdaýda geçirilýän işewürler maslahatlary, halkara sergileri hem daşary ýurt maýalarynyň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam edýär.
Ýurdumyzyň we dünýäniň birnäçe döwletleriniň arasynda gazanylan degişli ylalaşyklar, ähtnamalar dünýä bileleşigi bilen ähli ulgamlarda hem-de ugurlarda netijeli we uzak möhletli özara gatnaşyklary üçin oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam edýär.

Yza