Geçiriljek ýeri

Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bu gün dünýä döwletleriniň we halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda dünýäniň iň ösen syýahatçylyk merkezlerine mahsus bolan, şeýle hem ösen dynç alyş we sagaldyş merkezlerini özünde jemleýär. Hazar deňziniň türkmen kenarynda şeýle dynç alyş merkezleriniň döredilmegi milli Liderimiziň syýahatçylygy ösdürmek, şonuň netijesinde-de dünýä jahankeşdelerini ýurdumyza çekmek we syýahatçylyk pudagyny dünýäniň ösen jahankeşdelik pudaklarynyň hataryna çykarmak bilen baglanyşykly başlangyçlarynda özüniň anyk beýanyny tapýar. Öňde goýlan şeýle ajaýyp maksatlary durmuşa geçirmek üçin häzirki wagtda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyna, aýratyn hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna uly möçberde maýa goýumlary goýulýar. Bu bolsa milli Liderimiziň Hazarýaka döwletleriň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen parasatly syýasatynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini alamatlandyrýar.

Hazar deňzi ägirt uly ykdysady, energetika we ulag kuwwatyna eýe bolan möhüm strategik sebitdir. Şonuň üçin beýleki Hazarýaka döwletleri bilen bir hatarda, biziň ýurdumyz hem takyk hukuk kadalaryna, özara hormat goýmaga hem-de bu ýurtlaryň bähbitlerini nazara almaga esaslanan halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

2007-nji ýylyň 21-nji iýulynda “Awaza milli syýahatçylyk zolagyny döretmek hakynda” Kararyň kabul edilmegi netijesinde döredilen milli syýahatçylyk zolagy bu gün bu ugurda alnyp barylýan ägirt uly işleriň ähmiýetli bölegine öwrüldi. Şondan bäri geçen döwrüň içinde Hazaryň bu ajaýyp kenary tanalmajak derejede ösdi, özgerdi. Onda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sebitiň iri taslamalarynyň ençemesi bina edildi. Netijede, Hazaryň jana şypaly, arassa kenaryna gelýän syýahatçylaryň täze akymy peýda boldy. Bu gün Awaza diňe bir syýahatçylyk merkezi bolman, eýsem, işewürlik we syýasy geňeşmeleriň merkezine hem öwrülýär.

Döwletiň ykdysady, syýasy we medeni ösüşi, halkyň erkin, rahat hem eşretli durmuşda ýaşamagy üçin dünýäniň iň gowy tejribeleriniň we Türkmenistanyň täze başlangyçlarynyň durmuşa ornaşdyrylýan häzirki günlerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary amatlyklar bilen üpjün edilen myhmanhanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, kottejler toplumlary we beýlekiler bu gün halkymyza, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejeli hyzmat edýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy 2007-nji ýylyň ahyrynda gurluşygynyň ilkinji tapgyry işe başlady. Häzirki wagtda 18 sany myhmanhana, 8 sany sagaldyş merkezi, 9 sany kottejler toplumy, 10 117 sany dynç alyjylary bir wagtda kabul etmäge ukyply hem-de 7 sany 1380 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär.

Dynç alýanlar üçin jemi 4 sany seýilgäh hereket edip, olaryň ikisi oýun oýnalýan attraksionlar bilen üpjün edilen.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bina edilen, tutýan meýdany 83600 kw.m barabar bolan seýilgähler toplumy teatrlaşdyrylan deňiz çüwdürimleri, amfiteatrlar, çagalar üçin niýetlenen attraksionly meýdançalar, birnäçe kafelar, ýaşyl baglyklar, tehniki desgalar bu ýere gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň söýgüsini gazanýandygy şübhesizdir. Türkmenistan üçin Hazar deňzi diňe bir ösen syýahatçylyk zolagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Hazarýaka döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hem-de sebitiň ägirt uly tebigy serişdeler, energetika, senagat, ulag-üstaşyr kuwwatyndan hemmetaraplaýyn peýdalanmagyň mümkinçiliklerini hem özünde jemleýär. Şonuň üçin-de, Hazar sebiti Ýewraziýanyň okgunly ösýän geosyýasy we ykdysady merkezleriniň biri hökmünde doly ykrar edildi. Onuň geoykdysady mümkinçilikleri köpleri biparh goýanok.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraply täsirli gurallaryny döretmek maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitlerinde we beýleki iri forumlarda ençeme teklipleri we başlangyçlary öňe sürdi. Şol teklipler esasynda möhüm halkara resminamalaryň birnäçesi taýýarlanyldy. Hazar deňziniň suw-biologik serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak hakyndaky Ylalaşygy we Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy taýýarlanan halkara ylalaşyklarynyň esasylarynyň hatarynda görkezmek bolar. Tähran konwensiýasynyň esasynda Hazarda biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça, Hazar deňziniň ýerüsti çeşmelerden we gury ýerde amala aşyrylýan işiň netijesinde hapalanmagyny goramak boýunça tebigaty goramak işiniň hukuk esaslary döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen birlikde, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hem giň mümkinçilik berýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglarynyň täze ugurlarynyň döredilmegine-de amatly şert döretdi. Şonuň netijesinde Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşini döretmäge we ösdürmäge mümkinçilikler açyldy. Bu halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Sebit hem halkara derejede ykdysady, syýasy gatnaşyklary kämilleşdirmek babatda Hazar deňziniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bu günki gün ýurdumyz üçin möhüm strategik ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugur Hazarýaka döwletleriň dünýä bazarlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döretdi. Sebäbi döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Gürrüňi edilýän hyzmatdaşlyk dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň işeňňirligine we deňagramlylygynyň saklanmagyna täsir edýän ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu zatlardan ugur alyp, ýurdumyz halkara deňiz, derýa, awtomobil, demir hem-de howa ýollaryna çykmak arkaly, “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek baradaky giň möçberli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär.